6-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammedi kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Belenilişi ýaly, Türkmenistan BMG-niň ýokary wezipeli wekiliniň ýakynda Täjigistanda geçiriljek “Durnukly ösüş üçin suw” atly ýokary derejeli ikinji halkara maslahata gatnaşmak maksady bilen amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitinde gelen ilkinji ýurdy boldy.
Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar, dürli ugurlarda durmuşa geçirilen taslamalaryň onlarçasy şol hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Şeýle-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň çäklerinde bilelikde işlemegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda beýan edilen wezipeler Türkmenistany 2052-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda kesgitlenen möhüm maksatlara hem-de wezipelere laýyk gelýär.