Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy iýunda Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmen döwlet habarlar gullugy habar berýär.

Nobatdaky iş saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz welaýatyň merkezindäki köpugurly hassahana baryp, ilatyň, aýratyn-da, çagalaryň saglygynyň berkidilmegi ugrunda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen duşuşdy, bazarlarda önüm bolçulygynyň döredilişi bilen gyzyklandy hem-de Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtoulag köprüsine baryp gördi.

Türkmenabat şäheriniň köpugurly hassahanasynda geçirilen iş maslahatynda hassahananyň bölümleriniň iş tertibi, körpe näsaglara lukmançylyk kömegi berlende bejerişiň häzirki zaman usullarynyň peýdalanylmagyna, keselleri anyklamakda sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleriniň ulanylmagyna, hassahananyň işgärleriniň hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çäreler ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler hökmünde kesgitlenildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory R.Bazarowa ýüzlenip, milli lukmançylyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, hassahanalar üçin zerur enjamlary satyn almak meselelerini öwrenmegi tabşyrdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna baryp, bu ýerde institutyň mugallymlarydyr talyplary bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň ýaşlar syýasatyny has-da kämilleşdirmek, okuw-terbiýeçilik işini ösdürmegiň hem-de okatmagyň ýollary, okuw işlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak, milli bilim ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak barada pikir alşyldy.

Duşuşygyň esasy meseleleriniň biri hem “Türkmenistanyň döwlet ýaşlar syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda alym Arkadagymyz institutyň halkara ölçeglere laýyk gelýän täze binasyny gurmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Soňra welaýat merkezindäki bazar bilen tanyşlygyň barşynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň geljekde-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, ýokary hilli hem-de ekologik taýdan arassa oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny ýetişdirmek üçin ähli şertleri döretjekdigini aýtdy.

Lebap welaýatyna iş saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtoulag köprüsine baryp, bu ýerde Lebap welaýatynyň häkimi bilen sebitiň, şol sanda ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçilik meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.


Yza

Şeýle hem okaň