Şu gün — 10-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary başlady. Bu barada Türkmen döwlet habarlar gullugy habar berýär.
Ýurdumyz döwlet Garaşsyzlygyny alan ilkinji günlerinden bäri Russiýa Federasiýasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyny daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda goýdy.
Häzirki döwürde Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ygrarlydyklaryny görkezmek bilen, döwletara gatnaşyklarynyň milli bähbitleriň hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň sazlaşygyna esaslanýan täze görnüşini ýola goýýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany hökmünde Russiýa Federasiýasyna ilkinji saparynyň iki döwletiň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine köpugurly, deňhukukly we ýokary derejedäki türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berer.