10-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynda resmi saparda boldy. Bu sapar strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan hem-de dostluk, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy ― diýip, TDH ýazýar.
Prezident Wladimir Putin belent mertebeli myhmany mübärekläp, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň resmi ýagdaýda öz ilkinji daşary ýurt saparyny Russiýa amala aşyrýandygyny, munuň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýratyn häsiýetini nobatdaky gezek ýüze çykarýandygyny, şol gatnaşyklaryň bu ýokary döwlet wezipesinde işläp, ozal uly hyzmatlary bitiren Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde hakyky strategik derejä çykarylandygyny belledi.
Gepleşikleriň dowamynda döwlet Baştutanymyz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda strategik hyzmatdaşlyga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtady. Häzirki günde iki ýurduň arasynda halkara resminamalaryň 288-sine gol çekildi. Bu babatda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama we Strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama binýatlyk resminamalardyr.
Saparyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Wladimir Putin Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler.
Şeýle hem, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda gol çekilen Jarnama bilen birlikde, 15 resminamadan ybarat resminamalar toplumy döwletara hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi. Şol resminamalar giň gerimli ugurlary öz içine alýar we Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgesine ygrarlydyklaryny tassyklaýar.
Gepleşikleriň dowamynda has möhüm sebit we halkara meselelere-de deglip geçildi. Şolaryň köpüsi boýunça iki döwletiň eýeleýän ýörelgesi, däp bolşy ýaly, ýakyn ýa-da gabat gelýär.
Uly Kreml köşgüniň «Malahit» zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagy — “Dostluk” ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Prezident Wladimir Putiniň Permanyna laýyklykda, bu ýokary sylaga döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandy üçin mynasyp boldy.
Saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagynda ýerleşýän ýadygärlik toplumyna bardy. Döwlet Baştutanymyz 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşde janyny gurban eden gahrymanlara sylag-hormatyň nyşany hökmünde Näbelli esgeriň guburynyň ýanyndaky Baky oduň öňünde gül sebedini goýdy.
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Döwlet Tretýakow galereýasynyň häzirki döwrüň şekillendiriş sungatynyň eserlerinden düzülen bölümine bardy.
Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň Moskwada russiýaly kärdeşleri bilen duşuşyklary we gepleşikleri geçirendiklerini bellemek gerek. Olaryň dowamynda dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň we duşuşyklaryň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
Şolaryň hatarynda ykdysady ulgamdaky, hususan-da, maliýe-bank ulgamyndaky hyzmatdaşlyga degişli resminamalar bar.