Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere seredildi

11-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna hem-de başga-da birnäçe meselelere garaldy. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Hökümet agzalaryny we tutuş halkymyzy ýurdumyzda giňden bellenýän Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary döwlet Baştutanymyzy hoş habar ― 2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynda kabul edilen Aşgabat Jarnamasy atly resminamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi bilen gutladylar.

Soňra wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz «Türkmengaz» döwlet konserniniň himiki serişdeleri, katalizatorlary we keramiki şarlary satyn almagy hakynda» we «Dürli ölçegli oturtma turbalary satyn almak hakynda» Kararlara hem gol çekdi. Dürli ölçegli oturtma turbalary täze burawlanýan nebit guýularynyň gurluşygynda ulanmak meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanda 2022-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakyndaky» Karara hem gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 17 müň 900 gektara gant şugundyry ekmek we ondan 224 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynda 3 müň gektara gant şugundyryny ekilip, ondan 24 müň tonna hasyl alnar. Mary welaýatynda bolsa 14 müň 900 gektara gant şugundyry ekilip, ondan 200 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň suw üpjünçilik meseleleri boýunça Hökümet toparyny döretmek hakyndaky» Karara-da gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan zawodlaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, zerur enjamlary daşary ýurtly önüm öndürijilerden göni satyn almak boýunça durmuşa geçirilýän işler bilen hem tanşyp, hödürlenen tekliplere seretdi.

Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyza «EKSPO-2020» sergisinde Dubaý şäherinde gurlan Türkmenistanyň milli pawilýonynyň binasyny ulanmak barada hem hasabat berildi. Bütindünýä sergisiniň 2022-nji ýylyň 31-nji martynda öz işini tamamlandygy sebäpli Dubaýdaky guramaçylyk komiteti şol Milli pawilýonyň binasyny ýene-de bäş ýyl möhletiň dowamynda ulanmagy teklip edýär. Milli pawilýonyň öz işini dowam etmegi ýurdumyzda öndürilýän harytlary mahabat etmek hem-de ýerlemek, işewürlik duşuşyklaryny hem-de forumlaryny geçirmek üçin netijeli meýdança bolar diýlip hasap edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, koronawirus zerarly dünýäde emele gelen ýagdaýyň kadalaşmagy bilen, ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça halkara sergilerini guramagy dowam etmek zerurdyr diýip, degişli ýolbaşça bu babatda tabşyryk berdi. Şeýle hem dürli ýurtlarda hem-de şäherlerde söwda merkezlerini açmak tejribesini dowam etmek gerek, munuň özi harytlaryň eksporta ugradylýan möçberlerini artdyrmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz bu ugurda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bermegi tabşyrdy.

Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baý many-mazmunly, gyzykly çäreleri geçirmek meýilleşdirildi. Döwlet Baştutanymyza bular barada hem hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri barada Karara hem gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ilatyň arasynda agyz-burun örtükleriniň ulanylýan ýerleri we olaryň zerur däl ýerlerini düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Hökümet mejlisinde DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlanandygy baradaky hoş habary aýdyp, bu şanly waka bilen hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi Türkmenistana, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatyna we umuman ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriniň netijelerine ýokary baha berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. 

Mejlisde ulag toplumynda howpsuzlyk derejeleriniň sanawyny we howpsuzlyk derejelerini yglan etmegiň tertibini taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat hem diňlenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag toplumynyň bu möhüm ugrunda işleri has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtda beýleki ýurtlar bilen halkara gatnawlaryny dikeltmek boýunça işleri geçirmegi we onuň netijeleri barada hasabat bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy, pudaklaryň ösüşine gönükdirilen resminamalar we olar boýunça zerur çözgütler kabul edildi.


Yza

Şeýle hem okaň