Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanda halkara ylmy maslahat geçirildi

Türkmen paýtagtynda 12 ― 13-nji iýunda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly iki günlük halkara ylmy maslahat geçirildi. Ol ýurdumyzda giňden bellenilenn Ylymlar gününe bagyşlandy diýip, TDH ýazýar.

Forum ylym ulgamynda giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişini, umuman, ýurdumyzyň innowasion ösüşini üns merkezinde saklaýan hormatly Prezidentimiziň başlangyjy we goldawy arkaly guraldy. Halkara maslahatyň açylyş dabarasy döwletimiziň aň-paýhas we ylmy-tehniki mümkinçilikleriniň ösüş sütünleriniň biri bolmak wezipesi ýüklenen, öňdebaryjy ylym-bilim merkezi bolan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi. Uniwersitetiň eýwanynda täzeçil taslamalara we häzirki zaman tehnologiýalaryna bagyşlanan sergi guraldy. Onda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň täze işläp taýýarlamalary görkezildi.

Häzirki döwürde döwletimiziň ylmy we ykdysady kuwwatynyň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän düýpli ylmy-amaly barlaglary alyp barmak alymlaryň öňünde durýan esasy wezipedir diýlip, hormatly Prezidentimiziň bu maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilýär.

Çykyş edenler bilimiň dürli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen möhüm meselelere degip geçdiler we öz geçiren ylmy-barlag işleri barada maglumat berdiler. Şeýle hem halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmekde, durmuş ulgamynda sanly tehnologiýalary ulanmakda, umumy akademiki binýady döretmekde we sebit möçberinde hem-de has giň derejede ylmy-tehniki wezipeleri çözmek üçin hyzmatlar ulgamyny emele getirmekde toplanan tejribeler barada aýtdylar.

Türkmen alymlarynyň, programmaçylarynyň täze işläp taýýarlamalary, nanotehnologiýa we energetikanyň alternatiw çeşmesi, aýratyn-da, Gün energiýasy boýunça synag hem-de barlag taslamalary maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Daşary ýurtly hünärmenler tarapyndan täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak babatda türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga we hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýarlyk mälim edildi. Şunda täzeçil tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak üçin synag-seljeriş ugry boýunça bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň ähmiýetlidigi bellenildi.


Yza

Şeýle hem okaň