14-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady.
Tähranyň “Mehrabad” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Eýran Yslam Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiziň awtomobil kerweni howa menzilinden “Saadabad” köşkler toplumynyň “Serwestan” binasyndaky sapar wagtynda özi üçin niýetlenen kabulhana ugrady.
15-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň resmi duşuşygy geçiriler.
Ýokary derejedäki bu gepleşikleriň dowamynda soňky ýyllarda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmek boýunça taraplaryň çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmaklaryna garaşylýar.
Tähranda geçiriljek iň ýokary derejedäki duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň Eýranyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirendiklerini bellemek gerek.