Ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleri geçirildi

15-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda bu ýurda resmi sapar bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goňşy döwletiň ýolbaşçy düzümleri bilen ýokary derejedäki gepleşikleri geçirildi. Olaryň gün tertibine tagallalary birleşdirmegiň täze mümkinçiliklerini açýan döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, sebitara we halkara syýasatyň möhüm meseleleri girizildi. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Eýran bilen gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça geljekde-de netijeli ösdürmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmäge hemişe taýýardygyny nygtady we dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary berkitmek babatda edýän şahsy tagallasy, aýratyn ünsi üçin Prezident Seýed Ebrahim Raisä minnetdarlyk bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz eýranly kärdeşini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Eýran-türkmen hyzmatdaşlygynyň özara gatnaşyklaryň köp ýyllyk tejribesine daýanýan ygtybarly binýadynyň bardygyny belläp, Eýranyň Baştutany onuň ähli ugurlar boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary barada aýdyp, Prezident Seýed Ebrahim Raisi Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalarynyň syýasy erke esaslanýandygyny nygtady. Bu maksatlar degişli Ylalaşyklar we Ähtnamalar bilen berkidilen şertnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam berer.

Ulag-kommunikasiýa pudagy we energetika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. 

Ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar. Dünýä medeniýetine ägirt uly goşant goşan eýran we türkmen halklarynyň baý taryhy-medeni mirasy bu babatda oňyn mümkinçilikleri üpjün edýär.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Seýed Ebrahim Raisi dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda resmi saparyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Maýa goýumlar boýunça bilelikdäki komiteti döretmek barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Maýa goýumlar, ykdysady we tehniki kömek boýunça guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2022 — 2025-nji ýyllarda ylmy, medeni, döredijilik we bilim taýdan alyşmagyň Maksatnamasy; Hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasynyň (IRIB) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşky gurşaw departamentiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Mary welaýatynyň häkimligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatynyň häkimliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň häkimliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkimligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Şomali welaýatynyň häkimliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Tähranda eýran kärdeşleri bilen duşuşyklary we gepleşikleri geçirdiler. Şolaryň dowamynda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalar toplumyna gol çekildi.

“Hafeziýe” köşgünde döwlet Baştutanlary eýran halkynyň milli gymmatlyklaryna we goňşy ýurduň amaly-haşam sungatyna degişli sergini synladylar. Sergide Eýranyň milli önümleri, şekillendiriş sungatyna degişli eserler, haly we haly önümleri görkezildi. Döwlet Baştutanymyz serginiň goňşy ýurduň milli gymmatlyklary, özboluşly taryhy-medeni mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýändigini belledi. 

Resmi saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen duşuşygy hem boldy.


Yza

Şeýle hem okaň