Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

20-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň («CNPC»)  prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýuny kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika ulgamynda özüni ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde görkezen «CNPC-niň» köpýyllyk gatnaşyklardaky oňyn ornuny kanagatlanma bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz hem-de HHR-iň iri korporasiýasynyň ýolbaşçysy bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunda nebitgaz ulgamyndaky türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň netijeli döwletara gatnaşyklaryň ajaýyp nusgasydygy nygtaldy, häzirki wagtda türkmen «mawy ýangyjynyň» Hytaýa iberilmegini üpjün edýän gaz geçirijisini gurmak boýunça amala aşyrylan bilelikdäki taslama bolsa bu hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir.

Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza «CNPC-niň» ýurdumyzda alyp barýan işleri barada habar bermek bilen, hytaýly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin esasda özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

«CNPC-niň» ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Lebap welaýatynda «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekediniň 18-nji iýunda geçirilen açylyş dabarasyna gatnaşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. 

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de «CNPC-niň» ýolbaşçysy umumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän köpýyllyk, ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.


Yza

Şeýle hem okaň