Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Mary welaýatynda açylan Medeniýet hepdeligi bilen gutlady

Şu gün, 22-nji iýunda Mary welaýatynda her ýylda geçirilýän döredijilik baýramy – Medeniýet hepdeligi-2022 açylýar. Şanly waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara we ähli watandaşlarymyza gutlag hatyny iberdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň saýtynda habar berilýär.

Döwlet Baştutanymyz iri döredijilik forumynyň ähmiýetini aýratyn nygtap geçdi. Gutlagda: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilik işgärlerimiziň çekýän asylly zähmetine biz uly hormat goýýarys. Olaryň kämil, döwrebap eserleri döretmekleri, mynasyp durmuşda ýaşamaklary we döredijilikli işlemekleri üçin ähli şertleri döredýäris» diýlip bellenilýär.

Şu ýyl onunjy gezek geçirilýän Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny täze ösüşlere besleýän, eziz Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny has-da artdyrýan özboluşly sungat baýramydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza serpaý beren bu sungat baýramy medeniýet we sungat, döredijilik işgärlerini ylham dünýäsine ganatlandyrýar, täze, kämil eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Medeniýet hepdeliginiň dowamynda guraljak medeni-köpçülikleýin çäreleriň her biri ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň alyp barýan işlerini kämilleşdirmekde, sungat ussatlarynyň özara tejribe alyşmaklarynda, ilatyň medeni aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda, bu ulgamdaky ösüşlerimizi giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.


Yza

Şeýle hem okaň