27-nji iýunda Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi diýip, Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Şanly senäniň hormatyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasynda» ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen döredijilik agşamyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Baýramçylyk gününiň dabaralary Aşgabadyň taryhy merkezinde ýerleşýän Magtymgulynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada başlandy. Bu ýerde Gündogaryň beýik filosofynyň we akyldarynyň heýkeline onuň döredijiligine belent sarpanyň hem-de hormatyň nyşany hökmünde gül goýmak dabarasy boldy.
Magtymgulynyň ýadygärliklerine gül desselerini goýmak dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilip, türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň we baý medeni mirasynyň aýrylmaz baglanyşygyny şöhlelendirdi.