Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi

29-njy iýunda paýtagtymyzdaky Arkadag myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda altynjy Hazar sammiti geçirildi diýip, TDH habar berýär

Sammite Hazar bäşliginiň döwlet Baştutanlary - Türkmenistanyň Prezidemti Serdar Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin gatnaşdy.

Sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Altynjy Hazar sammiti başlamazdan öň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhmedow Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri bilen duşuşdy.

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary gysga düzümde we wekiliýetleriň gatnaşmaklarynda giňişleýin düzümde Hazarda dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we özara gyzyklanma bildirilýän derwaýys halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Altynjy Hazar sammitiniň jemleri boýunça degişli Beýanat kabul edildi. Onda Hazarýaka döwletleri tarapyndan Hazar deňzinde durmuşa geçiriljek işleriň esasy ýörelgeleri berkidildi.

Şol sanda: döwletleriň özygtyýarlylygyna, çäkleriniň bitewüligine, garaşsyzlygyna, özygtyýarly deňhukuklylygyna hormat goýmak, güýji ýa-da güýç ulanmak howpuny salmagy ulanmazlyk, birek-birege hormat goýmak, hyzmatdaşlyk etmek, birek-biregiň içerki işlerine gatyşmazlyk.


Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň Prezidentleri  Hazar deňzini parahatçylykly maksatlar bilen peýdalanmak, ony parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk zolagyna öwürmek ýörelgesini tassykladylar.

Hazar sebitinde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, kenarýaka döwletleriň ýaraglarynyň durnukly deňeçerligini üpjün etmek, harby gurluşygy ähli kenarýaka döwletleriň bähbitlerini nazara almak bilen, göwnejaý ýeterligiň çäklerinde amala aşyrmak, birek-biregiň howpsuzlygyna zyýan ýetirmezlik, sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmek boýunça umumy tagallalara, şol sanda ähli kenarýaka döwletleriň arasynda baglaşylan halkara şertnamalara laýyklykda, harby işler ulgamynda ylalaşylan ynanyşmak çärelerini berjaý etmek esasy ýagdaýlar bolup durýar.

Şeýle hem resminamada Hazar deňzinde kenarýaka döwletlere degişli bolmadyk harby güýçleriň bolmazlygy, haýsydyr bir kenarýaka döwletiň öz çäklerini beýleki döwletlere islendik kenarýaka döwletleriň garşysyna agressiýany we beýleki harby hereketleri amala aşyrmak üçin bermezlik ýörelgeleri getirilýär.

Kenarýaka döwletleriň kesgitlän kadalarynyň berjaý edilmeginde her kenarýaka döwletiň territorial suwlarynyň daşky çäkleriniň daşynda deňizde ýüzmek erkinligi hem göz öňünde tutulandyr.

Halkara hukugyň ählumumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary hem-de degişli kenarýaka döwletleriň ylalaşmalary esasynda, üstaşyr geçirýän kenarýaka döwletiň kanuny bähbitlerini göz öňünde tutup, halkara söwdany we ykdysady ösüşi giňeltmek maksady bilen, Hazar deňzinden beýleki deňizlere, dünýä ummanlaryna çykmagyň we olardan Hazar deňzine girmegiň erkin elýeterli edilmegine hukuk bermek ýörelgesi hem bellenilendir.

Resminama laýyklykda, gämileriň Hazar deňzinde ýüzmegi, oňa girmegi/ondan çykmagy diňe kenarýaka döwletleriň her biriniň baýdagy astynda amala aşyrylyp bilner.

Ekologiýa ýörelgeleriniň hatarynda: bilelikdäki suw biologik serişdelerini täzeden öndürmek we olary peýdalanmagy düzgünleşdirmek boýunça ylalaşylan ölçegleri we kadalary ulanmak, hapalama ýol berýän kenarýaka döwletiň Hazar deňziniň ekologik ulgamyna ýetiren zyýany üçin jogapkärçilik çekmegi; Hazar deňziniň tebigy gurşawyny goramak, onuň biologik serişdelerini gorap saklamak, dikeltmek we rejeli peýdalanmak; bu babatda ylmy barlaglaryň geçirilmegine ýardam bermek bellenilýär.

Beýanatda raýat howa gämileriniň Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň kadalaryna laýyklykda erkin uçmagy berkidilendir.

Mundan başga-da resminamada Hazar deňzinde göni çykyş ugurlaryny kesgitlemegiň usulyýeti hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny bäştaraplaýyn görnüşde çaltrak ylalaşmagyň Hazar boýunça gepleşikleriň ilkinji nobatdaky wezipesi bolup durýandygy aýdylýar.

Prezidentler sanitariýa-epidemiologiýa häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýokanç keselleriň tiz ýaýramagyna garşy çäreleri görmek babatda tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň häzirki döwürde Hazarýaka ýurtlaryň öňündäki baş wezipeleriň biri bolup durýandygy barada umumy bir pikiri beýan etdiler. 

Hazarýaka döwletleriň arasyndaky ykdysady we tehnologik gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigi, 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşyda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň orny nygtaldy. Ikinji Hazar ykdysady forumyny Russiýa Federasiýasynda geçirmek aradaky teklip goldanyldy.

Prezidentler energetika pudagynda Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar we Ulag babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda  Ylalaşygyň güýje girmegini makulladylar.

Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda 2003-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran Konwensiýasynyň) taraplarynyň altynjy konferensiýasyny 2022-nji ýylyň ahyrynda Azerbaýjan Respublikasynda geçirmek baradaky teklip goldanyldy.

Ýokary derejedäki bäştaraplaýyn Aşgabat duşuşygynyň netijeleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenmede beýan edildi.

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary altynjy Hazar sammitiniň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.

Bellenilişi ýaly, ýaňyja öz işini tamamlan Hazarýaka döwletleriň altynjy sammiti netijeli, işjeň ýagdaýda, hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak, hormat goýmak we açyklyk ruhunda geçdi. Bäş ýurduň Liderleriniň arasynda Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça jikme-jik we gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Ozal kabul edilen çözgütleriň we ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi seljerildi, geljekki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. 

Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Hazar sebitinde pugta parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, Hazarda ynanyşmak çärelerini durmuşa geçirmek üçin tagallalary we mümkinçilikleri birleşdirmäge, munuň üçin toplumlaýyn syýasy-hukuk binýadyny döretmäge taýýardyklaryny we berk ygrarlydyklaryny tassyklandyklary nygtaldy.

Habar berlişi ýaly, duşuşygyň barşynda Hazar deňzinde ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine uly üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmegiň yzygiderliligi kanagatlanma bilen bellenildi.

Ençeme resminamalaryň üstünde işler alnyp barylýar, taraplar Hazarda işiň möhüm ugurlary boýunça bäştaraplaýyn ylalaşyklary we teswirnamalary çalt tamamlamak hem-de olara gol çekmek maksady bilen, bu işi işjeňleşdirmegiň zerurdygy bilen ylalaşdylar. Bu babatda ýokary derejedäki iş toparyna möhüm orun degişlidir. Onuň düzümine kenarýaka ýurtlaryň ählisiniň ygtyýarly wekilleri girýärler.

Hazar sebitiniň artýan geoykdysady ähmiýeti bilen baglylykda, kenarýaka ýurtlaryň ulag, logistika, kommunikasiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmäge çalşylýar. Bu hyzmatdaşlyk Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Hazary iri halkara transkontinental hyzmatdaşlyk merkezine, şu ugurlar boýunça harytlaryň we hyzmatlaryň akymlary üçin baglanyşdyryjy halka öwürmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda Hazarýaka döwletler tarapyndan port düzümini gurmak, gatnawlaryň logistik ulgamlaryny, ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ugurlaryny döretmek boýunça tagallalar edilýär. Geljekde bu işe uly üns berler.

Sammitiň barşynda kenarýaka ýurtlaryň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň we giňeltmegiň, haryt dolanyşygyny artdyrmagyň, önümçilik taýdan has ysnyşykly ýakynlaşmagyň zerurdygy hem nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, şu gün Türkmenistan hususy işewürligi alyp barmak, telekeçilik başlangyçlary üçin özbaşdak binýat hökmünde Hazarýaka döwletleriň işewür hyzmatdaşlygynyň Geňeşini döretmek baradaky teklip bilen çykyş etdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri tarapyndan Hazarýaka döwletleriň arasynda ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen anyk teklipler we başlangyçlar beýan edildi.

Ekologiýa, tebigaty goramak, Hazaryň biologik serişdelerini aýawly saklamak hem ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleler boldy. Şu ugurlar boýunça eýýäm hyzmatdaşlygyň gurallary döredildi, olaryň has sazlaşykly we netijeli işlemegi üçin wezipeler kesgitlenildi.

Hazarýaka ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylygyň taryhy ençeme asyrlardan gözbaş alýar. Şu döwürde özara gatnaşyklaryň özboluşly, köp babatda täsin tejribesi toplanyldy. Taraplar şu gatnaşyklary pugtalandyrmak we baýlaşdyrmak, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mundan beýläk-de şertleri döretmek barada ylalaşdylar.

Umuman, şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň barşyna we many-mazmunyna ýokary baha berildi. Oňa gatnaşyjylaryň oňyn meýilleri, umumy döredijilikli maksatlara ygrarlylygy Hazar deňzinde ysnyşykly hyzmatdaşlygyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Şeýle hem şu sammitiň guralyşy babatda döwletleriň ýolbaşçylarynyň tüýs ýürekden hoşallygy beýan edildi.

Kenarýaka ýurtlaryň Liderleri tarapyndan ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyklary yzygiderli dowam etdirmegiň zerurdygy we peýdalydygy tassyklanyldy. Olaryň her biri biziň halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmak, bilelikdäki ägirt uly kuwwaty ýüze çykarmak we durmuşa geçirmek işine saldamly goşant goşýar.

Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.

Altynjy Hazar sammitiniň maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreler tamamlanandan soň, belent mertebeli myhmanlar türkmen paýtagtyndan ugradylar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyk Bitarap Türkmenistanyň ägirt uly kuwwata eýe bolan Hazar sebitinde köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine öňdengörüjilikli, örän jogapkärli çemeleşýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Ýurdumyzyň sammitde beýan eden oňyn başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol başlangyçlar sebit we sebitara derejede özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge, taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýan döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etmäge gönükdirilendir. Munuň özi bolsa umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine doly gabat gelýär.


Yza

Şeýle hem okaň