Aşgabatda BSGG-niň sebitleýin maslahaty geçirildi

4-nji iýulda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Merkezi Aziýada “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny ilerletmek boýunça utgaşykly görnüşde ýokary derejeli sebit maslahaty geçirildi. Bu barada TDH habar berdi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasy bilen bilelikde guran ýöriteleşdirilen forumynyň işine abraýly halkara we sebit guramalarynyň wekilleri, halkara bilermenler hem-de Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan hünärmenler gatnaşdylar.

Merkezi Aziýada adamlaryň saglygyny, haýwanat dünýäsini we daşky gurşawy goramaga gönükdirilen “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny ara alyp maslahatlaşmak, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin halkara düzümleriň tagallalaryny birleşdirmek bu maslahatyň esasy maksady boldy. 

Forumda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu möhüm ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan netijeli syýasatyna ýokary baha berildi.

Wekiliýetiň agzalary türkmen kärdeşleri bilen Merkezi Aziýada saglygy we abadançylygy goldamak ugrunda 2022 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasynyň” taslamasy boýunça pikir alyşdylar, bilelikdäki ylalaşyklary durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak maksady bilen, ýokary derejedäki duşuşyklary yzygiderli guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Forumda jemleýji resminama kabul edilip, onda ýurtlaryň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň çäklerinde bilelikdäki tagallalary üçin esasy ugurlar öz beýanyny tapdy.


Yza

Şeýle hem okaň