Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralarda alty aýda edilen işleri seljerdi

5-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Bu barada TDH habar berýär.

Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.


Yza

Şeýle hem okaň