Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Hereketleriň milli Meýilnamasy işlenip taýýarlanylýar

Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň mejlisi geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Toparyň agzalary Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasyny ýerine ýetirmek

Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Türkmenistan hökümeti tarapyndan «2021 — 2025-nji ýyllar üçin adam hukuklary boýunça Hereketleriň milli Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine kömek bermek» meýilnamasynyň çäginde guraldy. Duşuşyga gatnaşyjylar pudagara toparyň agzalarynyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Türkmenistanda adam hukuklary boýunça täze Hereketleriň milli Meýilnamasy baradaky tekliplerine garadylar. 

Pudagara toparyň sekretariatyna hödürlemek üçin täzelenen Hereketleriň milli Meýilnamasynyň taslamasy taýýarlandy.


Yza

Şeýle hem okaň