Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministrini kabul etdi

13-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazruini kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, şol sanda energetika ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.


Yza

Şeýle hem okaň