Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

15-nji iýulda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy diýip, TDH habar berýär.

Daşkentde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar we gol çekilen resminamalaryň uly toplumy gepleşikleriň örän netijeli bolandygyna şaýatlyk edýär. Resminamalar strategik häsiýete eýe bolan netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan 

Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşyk geçirdi.

15-nji iýulda döwlet Baştutanymyz özbek kärdeşi bilen Samarkant şäherine bardy we  Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň aramgähine gül desselerini goýdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gündogaryň gadymy däplerini we häzirki zaman ýörelgelerini özünde jemleýän Samarkant şäheriniň taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynyň özboluşly aýratynlyklaryny synlady.

Döwlet Baştutanlary düýn ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijelerine çuňňur kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň we Özbegistanyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna pugta ygrarlydyklaryny, taraplaryň özara bähbitlilik, deňhukuklylyk, strategik esasda giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidiklerini tassykladylar.


Yza

Şeýle hem okaň