Türkmenistanda täze kanunçylyk namalary, şol sanda «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi. Kanun «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda köpçülige ýetirildi.
Resminamanyň täze neşirine laýyklykda, «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan ene ölen ýagdaýynda, onuň maşgala agzalary üçin şu bendiň birinji tesiminde görkezilen suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga bolan hukuk enäniň iň soňky çagasy kämillik ýaşyna ýetýänçä saklanyp galýar».
Şeýle hem Düzgünnamasa girizilen goşmaçada: «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmaga hödürlemek hödürlenilýän enäniň hakyky ýaşaýan ýeri boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar» diýlip berkidilýär.