Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Ýewropa bilim gaznasy we Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti bilen birlikde «Merkezi Aziýada ugurtapyjy ýaşlar üçin dialog we hereketler» (DARYA) taslamasyny girizmek maksady bilen ilkinji maslahat sapaklaryny geçirdiler.
DARYA – ÝB tarapyndan maliýeleşdirilen ilkinji sebitleýin taslamadyr we 5 ýyla niýetlenendir. Ol dolulygyna Merkezi Aziýada ýaşlaryň zähmet bazarynda emele gelýän degişli mümkinçiliklerden peýdalanmak başarnyklaryny ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.