1-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron görnüşinde habar berilýär.
10 ga meýdany eýeleýän täze toplum ähli amatlyklary bolan 48 sany iki gatly kottejleri öz içine alýar. Onuň gurluşygy geçen ýylyň ýanwar aýyndan bäri alnyp barylýardy. Kottejler toplumynyň açylmagy bilen 200 sany täze iş orunlary döredildi. Toplumyň çägindäki 10, 16 we 18 otagly aralyk, maşgala we kaşaň kottejler dynç almaga gelýänler üçin ähli zerur amatlyklara eýedirler.