Türkmenistanyň Prezidenti Hazar deňziniň kenary boýunça gezelenç hem-de welosipedli ýöriş etdi

4-nji awgust zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ogly Kerimguly bilen ir säherde Hazaryň kenaryna çykyp, birsellem gezelenç edip, welosipedli ýörişi amala aşyrdy, şeýle-de sport maşklaryny ýerine ýetirdi diýip, TDH habar berýär.

Welosipedli ýörişden soňra hormatly Prezidentimiz ogly Kerimguly bilen «Awaza» köpugurly sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz türgenleşik enjamlarynda beden maşklary ýerine ýetirdi we sport bilen meşgullandy.


Yza

Şeýle hem okaň