Türkmenistanyň Balkan welaýatynda döwrebap çagalar dynç alyş merkezi açyldy

5-nji awgustda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda «Arkadagyň nesilleri» atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we deputatlar, welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär.

Meýdany 1,5 gektara barabar bolan bu merkez Esenguly etrap häkimliginiň buýurmasy boýunça Durmuş maksatly hyzmat ediş müdirligi tarapyndan çagalaryň dynç alşyny guramaga hem-de gurluşyk ülňülerine bildirilýän häzirki zaman talaplaryna laýyklykda bina edildi. 

Maşgala bolup dynç almak babatda döredilen ajaýyp mümkinçilikler bu dynç alyş merkeziniň aýratynlyklarynyň biridir. Uly ýaşly adamlar hem, ýaşlykdan işjeň dynç almak we sport bilen meşgullanmak ýaly endikler öwredilýän çagalar hem bu ýerde boş wagtyny gyzykly, işjeň, göwnejaý geçirip bilerler.


Yza

Şeýle hem okaň