Aşgabatda halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi

6-7-nji awgustda paýtagtymyzda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergi we onuň çäklerinde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat geçirildi. Bu ähmiýetli çäreler ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy, diýip TDH habar berýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça geçirilýän bu ýöriteleşdirilen forum 6-njy awgustda ilkinji gezek bellenilen Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlandy.

Gözden geçiriliş ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny, şol sanda gurluşyk, senagat we gurluşyk harytlarynyň önümçiligi, elektroenergetika, himiýa senagaty, gaz hem-de nebithimiýa, ýol gurluşygy ýaly ugurlary öz içine aldy.

«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat iş maksatnamasynyň esasy wakalarynyň birine öwrüldi. Onda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, işewürlik düzümleriniň wekilleri, birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de kärhanalaryň hünärmenleri adaty görnüşde we sanly ulgam arkaly çykyş etdiler.


Yza

Şeýle hem okaň