Türkmenistanyň Prezidenti Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

8-nji awgustda Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag düzüminiň ýene bir möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günki wakanyň taryhy ähmiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, täze köpri ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle-de goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag hem-de ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer.

Iki sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsiniň umumy uzynlygy 354 metre, ini 21 metre deňdir. Taslamany köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň  hyzmatdaşy bolan «Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti amala aşyrar.

Soňra hormatly Prezidentimiz awtomobil ýollarynyň we köprüleriň gurluşyk taslamalary, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze köpriniň gurluşygynda peýdalanyljak kuwwatly tehnikalar bilen tanyşdy.


Yza

Şeýle hem okaň