Türkmenistanyň Prezidenti «Deňiz han» atly söweşjeň gämi bilen tanyşdy we Hazarda dabaraly harby-deňiz ýörişini kabul etdi

10-njy awgustda Balkan welaýatynda zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow günbatar sebitimizde ýerleşýän Harby-Deňiz Güýçleriniň «Garşy» deňiz birikmesine geldi hem-de bu ýerde «Deňiz han» atly korwet kysymly harby gämi bilen tanyşdy, diýip TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz dabaraly harby-deňiz ýörişine başlamaga rugsat berdi. Onda Harby-Deňiz Güýçleriniň, Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň dürli kysymly gämileri, söweşjeň katerleri hem-de gaýyklary görkezildi. Olar Watanymyzyň umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan deňiz çäkleriniň howpsuzlygyny hem-de eldegrilmesizligini üpjün etmek ugrunda eserdeň durýarlar diýlip, çeşmede bellenilýär.


Yza

Şeýle hem okaň