Türkmen türgenleri V Yslam raýdaşlygy oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň topary Türkiýäniň Konýa şäheriniň 42 müň tomaşaça niýetlenen «Buýukşehir» munisipial stadionynda geçirilen V Yslam raýdaşlygy oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Bu toplumlaýyn halkara bäsleşikleri Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasyna agza ýurtlaryň 57-siniň türgenlerini birleşdirýän Yslam raýdaşlygy sport federasiýasynyň (ISSF) dört ýyldan bir gezek geçirilýän toplumlaýyn ýaryşdyr.

Türkmenistanyň wekiliýetindüzümine 120 adam, şol sanda 80 türgen girýär. Açylyş dabarasynda ýurdumyzyň baýdagyny 2013-nji ýylda geçirilen III Yslam raýdaşlygy oýunlarynda 105 kg agramda agyr atletikada bürünç medal eýelän Hojamuhammet Toýçyýew göterdi.

V Yslam raýdaşlygy oýunlary 18-nji awgusta çenli dowam eder.


Yza

Şeýle hem okaň