«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni mynasybetli çäreler guraldy

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda her ýyl Hazarýaka döwletler tarapyndan geçirilýän Hazar deňziniň güni bellenildi diýip, TDH habar berýär. 

«Hasyl» myhmanhanasynda geçirilen «Hazar deňzi — dostluk we ylalaşyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat baýramçylygyň esasy çäresi boldy. Bu forum hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan guraldy.

Şeýle-de Hazar deňziniň gününiň maksatnamasyna «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde geçirilen medeni-sport çäreleri girizildi. Baýramçylyk dabarasy konsert bilen tamamlandy. Onda Balkan welaýatynyň döwlet drama teatrynyň artistleri hem-de çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary çykyş etdiler.


Yza

Şeýle hem okaň