«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty geçirilýär.
Bu forumy biziň ýurdumyzda geçirmek başlangyjy Türkmenistan tarapyndan öňe sürüldi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylda kabul edilen Kararnamada berkidildi. Bu teklibiň derwaýysdygy döwrüň talaplary bilen tassyklanyldy, çünki ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýän ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar diýip TDH habar berýär.