Türkmenistan we BAE ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

«Awazada» geçirilýän ulag forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazruiniň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär

Gepleşikleriň çäklerinde taraplar ulag we logistika ugurlaryny açmak hem-de Türkmenbaşy porty bilen Dubaý we Abu-Dabi portlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini, türkmen deňiz portuny dünýäniň deňiz portlarynyň ulgamyna goşmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler syýasy gatnaşyklaryň derejesine hem baha berdiler we BAE-niň Prezidenti Muhammet bin Zaýe Al-Nahaýýanyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BAE-ne resmi saparynyň guraljakdygyny bellediler.


Yza

Şeýle hem okaň