«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga bermek dabarasy geçirildi

17-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga bermek dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Multimodal gatnawlary ösdürmekde köpugurly sanly çözgüt bolup durýan Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminama (Global Transit Document) Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Halkara ulag diplomatiýasy merkezi, GDA-nyň agza ýurtlarynyň Ýolçularynyň hökümetara geňeşi, dünýäniň iri maglumat tehnologiýalaryny işläp düzüjileri, şeýle-de Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamany ulanmaga gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen oňyn hyzmatdaşlygynyň netijesidir.


Yza

Şeýle hem okaň