«Miras» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Bu barada TDH habar berýär.

Onuň sahypalarynda türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmäge, Diýarymyzda geçirilýän ylmy gözlegleriň netijelerine we täze arheologik tapyndylara bagyşlanan makalalar toplumy öz beýanyny tapýar.


Yza

Şeýle hem okaň