Ýakyn günlerde geçiriljek BMG-niň Baş Assambelýasynyň 77-nji sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen pugta we uzakmöhletleýin parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek boýunça üç sany rezolýusiýanyň kabul edilmegine garaşylýar. Bu barada ýurdumyzyň DIM-niň saýtynda köpçülige ýetirilen «BMG-niň Baş Assambelýasynyň 77-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary: ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşi üpjün edilmegi» atly makalada bellenilýär.