Ruhubelent etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2022-nji ýylyň 26-njy awgustynda Ruhubelent şäherçesiniň Şagadam köçesiniň 5-nji jaýynda ýerleşýän Ruhubelent etrabynyň Maliýe-ykdysady toplumynda 9:00-dan 13:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Ruhubelent şäherçesiniň Şagadam köçesiniň 5-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 8-00-342-3-11-51.
Okamak