Döwlet Baştutanymyz Aşgabat boýunça iş uçuşyny amala aşyrdy

23-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz boýunça uçuşy amala aşyryp, alnyp barylýan toplumlaýyn işler hem-de Aşgabadyň durmuş düzümini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň taslamalary bilen tanyşdy diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz uçuşynyň dowamynda şäheriň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýyna, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişine, şäheriň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen görülýän çärelere aýratyn üns berdi.


Yza

Şeýle hem okaň