«Hatyra» kitabynyň üçünji jildiniň täze neşiri çapdan çykdy

«Hatyra» kitabynyň üçünji jildiniň täze neşiri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda we ýaralanmak zerarly hassahanalarda wepat bolan, şeýle-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar diýip TDH habar berýär.

1993 — 1998-nji ýyllar aralygynda çap edilen bu giň gerimli işiň üçünji jildi “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän şu ýylda gaýtadan neşir edildi. Bu neşirde Daşoguz welaýatynda önüp-ösen türkmenistanly gahrymanlaryň ýagty ýadygärligine sarpa öz beýanyny tapýar.

Ozal bar bolan maglumatlaryň ulgamlaşdyrylmagy, üstüniň doldurylmagy hem-de elipbiý tertibinde ýerleşdirilmegi okyjylaryň maglumatlary özleşdirmegini ýeňilleşdirýär hem-de täze neşiriň tapawutly aýratynlyklarynyň biri bolup durýar.


Yza

Şeýle hem okaň