Jebelde täze halkara howa menziliniň gurluşygy başlandy

Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze halkara howa menziliniň gurluşygyna girişdiler diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berilýär.

Desga Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Gündogdy» HK tarapyndan gurlar.

Täze howa menzili howa gämileriniň ähli görnüşlerini kabul etmäge mümkinçilik berýän ýerüsti enjamlar bilen üpjün ediler.

Jebeldäki Halkara howa menzilini 2024-nji ýylda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.


Yza

Şeýle hem okaň