Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi diýip, TDH habar berýär.