Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

29-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşyna garaldy diýip, TDH habar berýär.

Hasabatlarda şu ýylyň 2-nji sentýabrynda geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine başlamak we pagta ýygymy boýunça zerur taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk işlerini degişli derejede guramak, agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek, güýzlük bugdaý ekişini hem-de pagta ýygymy möwsümini zerur tehniki serişdeler bilen doly üpjün etmek bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamak barada birnäçe tabşyryklary berdi.


Yza

Şeýle hem okaň