Sarahs etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi, 2022-nji ýylyň Sentýabr aýynyň 12-sine Sarahs etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda (Sarahs şäheri S.A.Nyýazow köçesiniň 41-nji jaýy) sagat 10:00-dan-12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Sarahs etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda (Sarahs şäheri S.A.Nyýazow köçesiniň 41-nji jaýy)
Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
(800134) 21-2-60
Okamak