«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleri jemlendi

3-nji sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasynda» ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti boldy diýip, TDH habar berýär.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda aýdymçylar, tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlary – dogup gelýän «ýyldyzjyklar» özara bäsleşdiler. Olar geljekde milli sungatymyzyň şan-şöhratyny belende götererler diýlip, çeşmede bellenilýär.

olara TürkmenistanyňPrezidentiniňadyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de bäsleşigiňýeňijisiniňdiplomy gowşuryldy. Döredijilik gözden geçirilişine gatnaşyjylaryňher birine gymmat bahaly sowgatlar berildi.


Yza

Şeýle hem okaň