Türkmenistanyň Prezindenti alnyp barylýan oba hojalyk işlerini ilerletmek boýunça tabşyryklary berdi

5-nji sentýabr hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi esasynda şu ýylyň 7-nji sentýabrynda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda, 14-nji sentýabrda bolsa Daşoguz welaýatynda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda pagta ýygymyna girişmek boýunça «ak kerwen» dabaralaryna görülýän taýýarlyk hakynda aýdyldy.

Ýurdumyz boýunça pagta ýygymynda 1600 kombaýn işlediler, pagta daşamakda 7800 sany ulag peýdalanylar, pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-sy we pagta kabul ediş harmanhanalarynyň 158-si ýygym möwsümine doly taýýar edildi.


Yza

Şeýle hem okaň