Türkmenistanyň Hökümetiniň göçme mejlisi geçirildi

10-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi diýip, TDH habar berýär.

Mejlise Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary we Ahal welaýatynyň häkimi gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň meseleleri hakynda», «Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň meseleleri hakynda», şeýle hem «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimligini döretmek hakynda» Kararlara gol çekdi.


Yza

Şeýle hem okaň