Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň mejlisi geçirildi

13-nji sentýabrda ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Ermenistanyň Türkmenistana gelen wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär. 

Taraplar ozal geçirilen mejlisleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.


Yza

Şeýle hem okaň