Çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 69-njy maddasyna laýyklykda, çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin arzanyň ýanyna şu aşakdaky resminamalar goşulýar:

  • çaga seredýän adamyň pasportynyň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;
  • çaganyň dogluş hakynda şahadatnamasynyň nusgasy;
  • maşgala agzalary barada güwänama;
  • ygtyýarlyk berlen edaranyň çagany perzentlige bermek baradaky çözgüdiniň nusgasy (çaga perzentlige alnanda);
  • ygtyýarlyk berlen edaranyň çaga hossar bellenilmegi baradaky çözgüdiniň nusgasy (çaga hossar bellenilende);
  • döwlet kömek puly resmileşdiriljek adamyň "Altyn asyr" plastik bank kartynyň rekwizitleri.