Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 33-nji maddasynyň ikinji böleginiň 4-nji bendine laýyklykda, şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça maýyplyk boýunça pensiýanyň bellenilmegi üçin arzanyň ýanyna şu aşakdaky resminamalar goşulýar:
- pasportyň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;
- Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň güwänamasyndan göçürme;
- maşgala agzalary barada güwänama;
- 18 ýaşy dolmadyk maşgala agzalarynyň dogluş hakynda şahadatnamalarynyň nusgasy;
- aýratyn döwürlerini tassyklaýan resminamalar;
- zähmet depderçesiniň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;
- döwlet sylaglary we hormatly atlary hakynda şahadatnamanyň nusgasy (goşmaça tölegler göz öňünde tutulan döwlet sylaglary we hormatly atlary bar bolan adamlar üçin);
- pensiýa resmileşdiriljek adamyň "Altyn asyr" plastik bank kartynyň rekwizitleri.