Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 33-nji maddasynyň ikinji böleginiň 5-nji bendine laýyklykda, ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýanyň bellenilmegi üçin arzanyň ýanyna şu aşakdaky resminamalar goşulýar:
- pensiýasy resmileşdirilýän adamyň pasportynyň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;
- ekleýjisiniň aradan çykandygyny ýa-da onuň nam-nyşansyz gidendigini tassyklaýan resminamanyň nusgasy;
- çagalaryň dogluş hakynda şahadatnamalarynyň nusgasy;
- ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa bellenilýäniň bilim edarasynda okaýandygyny (terbiýelenýändigini) tassyklaýan güwänama - pensiýa tölenilýän döwründe her ýylda;
- maşgala agzalarynyň şahsyýetini we merhum ekleýji bilen garyndaşlyk gatnaşyklaryny tassyklaýan resminamalar,bellenilen halatlarda - kazyýetiň çözgüdi;
- maşgala agzalary barada güwänama - bilim edaralarynda okaýan (terbiýelenýän) şahslardan başgalara;
- kämillik ýaşyna ýetmedik we kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen eklençdäkilere hossar ýa-da howandar bellenilmegi hakynda ygtyýarlyk berlen edaranyň kararynyň nusgasy (hossara ýa-da howandara pensiýa resmileşdirilen halatynda);
- pensiýa resmileşdiriljek adamyň "Altyn asyr" plastik bank kartynyň rekwizitleri.