Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 71-nji maddasyna laýyklykda, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanyň ýanýoldaşyna döwlet kömek puluny bellenilmegi üçin arzanyň ýanyna şu aşakdaky resminamalar goşulýar:
- döwlet kömek puly resmileşdirilýän adamyň pasportynyň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;
- ýanýoldaşynyň Beýik Watançylyk urşunyň gatnaşyjysy bolandygy barada harby wekilligiň kepilnamasy;
- Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjynyň ýanýoldaşynyň uruşda wepat bolandygyny ýa-da nam-nyşansyz gidendigini, ýa-da ondan gaýdyp gelenden soň aradan çykandygyny tassyklaýan resminamanyň nusgasy;
- döwlet kömek puly resmileşdirilýän adamyň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjy bilen nika hakynda şahadatnamasynyň nusgasy;
- Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjynyň ýanýoldaşy ýogalandan soň, başga nika baglaşmandygy barada raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň edarasynyň güwänamasy;
- döwlet kömek puly resmileşdiriljek adamyň "Altyn asyr" plastik bank kartynyň rekwizitleri.