Maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 70-nji maddasyna laýyklykda, maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin arzanyň ýanyna şu aşakdaky resminamalar goşulýar:
  • döwlet kömek puly resmileşdirilýän adamyň pasportynyň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;
  • Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň güwänamasyndan göçürme, muňa 18 ýaşa çenli maýyp çagalar degişli däldir;
  • 18 ýaşa çenli maýyp çagalar üçin saglygy barada netijenama;
  • maşgala agzalary barada güwänama, muňa 18 ýaşa çenli maýyplygy bolan çagalar degişli däldir;
  • çaganyň dogluş hakynda şahadatnamasynyň nusgasy;
  • döwlet kömek puly resmileşdiriljek adamyň "Altyn asyr" plastik bank kartynyň rekwizitleri.