Ýaşy boýunça pensiýanyň bellenilmegi üçin gerekli resminamalaryň sanawy
Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 33-nji maddasynyň ikinji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda, şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça ýaşy boýunça pensiýanyň bellenilmegi üçin arzanyň ýanyna şu aşakdaky resminamalar goşulýar:
pasportyň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;
çagalaryň dogluş hakynda şahadatnamalarynyň nusgasy we olary sekiz ýaşyna çenli terbiýeländigine şaýatlyk edýän resminamalar (ýaşy boýunça pensiýa ir çykmaga hukugy bolan aýal maşgalalar üçin);
aýratyn döwürlerini tassyklaýan resminamalar;
zähmet depderçesiniň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;
döwlet sylaglary we hormatly atlary hakynda şahadatnamanyň nusgasy (goşmaça tölegler göz öňünde tutulan döwlet sylaglary we hormatly atlary bar bolan adamlar üçin);
pensiýa resmileşdiriljek adamyň "Altyn asyr" plastik bank kartynyň rekwizitleri.
Şahsy taraplaryň salgyt hasaba goyulandygy hakynda şahadatnamasyndaky görkezilen hususy salgyt belgisi
Fiziki şahsyň ätiýaçlandyrýan hökmünde hasaba alnandygy hakynda şahadatnamasynda ýa-da Pensiýa ätiýaçlandyrmasy kitapçasynda görkezilen atly pensiýa hasabyň ätiýaçlandyrma belgisi