Gulluk ýyllary boýunça pensiýanyň bellenilmegi üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 33-nji maddasynyň ikinji böleginiň 3-nji bendine laýyklykda, şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça gulluk ýyllary boýunça pensiýanyň bellenilmegi üçin arzanyň ýanyna şu aşakdaky resminamalar goşulýar:
  • pasportyň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;
  • aýratyn döwürlerini tassyklaýan resminamalar;
  • zähmet depderçesiniň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;
  • döwlet sylaglary we hormatly atlary hakynda şahadatnamanyň nusgasy (goşmaça tölegler göz öňünde tutulan döwlet sylaglary we hormatly atlary bar bolan adamlar üçin);
  • pensiýa resmileşdiriljek adamyň "Altyn asyr" plastik bank kartynyň rekwizitleri.